Okalýan depder
Jemgyýet makalalary
Türkmen jemgyýeti, gündelik durmuş we jemgyýetçilik meseleleri.
5 makalalar
3 netije—Jemgyýet
Okalýan depder
Türkmen jemgyýeti, gündelik durmuş we jemgyýetçilik meseleleri.
Bu makalada türkmen jemgyýetinde duş gelýän “götermek” we “götertmek” häsiýetleri barada pikir ýöredilýär. Ýaranjaňlyk diňe biriniň başga birini artykmaç öwmekligi däl, eýsem käbir adamlaryň töwereginde hut şeýle öwgini isleýänleri jemlemekligi hem tankyt edilýär. Makalada bu ýagdaýyň hakykatyň ýerine bähbidi goýup, jemgyýetde dogry sözüň, başarnygyň we ösüşiň öňüni alyp biljek medeni endige öwrülmegi barada gürrüň edilýär.
Bu makalada Dagdan Sözenowyň gürrüň berýän Enneagram usulynyň maksady, peýdasy we taryhy düşündirilýär. Şeýle hem Enneagramyň häzirki görnüşini kemala getiren şahslar hem-de bu ulgam boýunça dürli uniwersitetlerde geçirilen ylmy barlaglar barada maglumat berilýär.
Dagdan Sözenowyň TikTok-daky çykyşlary adamlara özlerini we daşyndaky adamlary has gowy tanamaga kömek edýär. Onuň wideolary arkaly men öz tipimi bildim we adamlaryň näme üçin dürli hereket edýändigine has gowy düşündim. Şeýle hem käbir adamlaryň sagdyn däl häsiýetlerini tanap, olardan uzaklaşmagyň meniň üçin dogry karardygyna göz ýetirdim. Şonuň üçin men ony häzirki Türkmen internet giňişliginde jemgyýet üçin iň peýdaly adamlaryň biri diýip hasaplaýaryn.