
Ilki seredeniňde, götermek bilen götertmek iki dürli zat ýaly görünýär. Emma meniň pikirimçe, olaryň arasynda düýpli tapawut ýok.
Birinde ýaranjaň bar.
Beýlekisinde bolsa özüne ýaranjaň gözleýän adam bar.
Biri öz peýdasy üçin başga birini gereğinden artyk öwýär. Ýalňyşyny dogry, adaty işini beýik üstünlik ýaly görkezýär. Bir gün işi düşer, peýdasy deger ýa-da ýakynlygyndan bir zat gazanar diýip pikir edýär.
Beýlekisi bolsa töwereginde hut şeýle adamlary isleýär. Özüne garşy çykmaýan, her sözüni tassyklaýan, ony aýratyn görkezýän adamlary ýanynda saklaýar. Tankyt edýän adama sowuk seredýär, öwýän adama bolsa has ýakyn bolýar.
Biri göterýär.
Beýlekisi götertdirýär.
Netijede ikisi hem biri-birini döredýär.
Gara bilen agy saýgaryp bilemzokmy?
Men Türkmenistanda dogup-ulaldym, soňra daşary ýurtlarda hem ýaşadym. Bu ýazgy, elbetde, her bir türkmen barada çykarylýan höküm däl. Ýöne öz görenlerimden mende şeýle bir pikir emele geldi:
Käwagt mesele gara bilen agy saýgaryp bilmezlik däl.
Biz saýgarýarys, ýöne bähbidimize görä aýdýarys.
Ýagdaýly adam aýtdy diýip — “dogry”.
Wezipeli adam etdi diýip — “beýik iş”.
Bir gün işi düşer diýip — “sen ýaly ýok”.
Adam käwagt özüniň aýdýan zadyna özi hem ynanmaýar. Emma hakykatyň özüne däl, şol sözden näme gazanjakdygyna seredýär.
Şonuň üçin ýaranjaň adamyň ölçegi köplenç:
“Bu dogrumy?” däl-de, “Maňa näme peýdasy bar?” bolýar.
Ýöne diňe göterýän günäkär däl
Beýleki tarapda hem özüni götertdirmek isleýän adam bar.
Ol göni “meni öw” diýmezligi mümkin. Emma özüni alyp barşy bilen muny töweregindäkilere öwredýär.
Garşy pikir aýtsaň — halamaýar.
Tankyt etseň — duşman ýaly görýär.
Öwseň — ýakynlaşýar.
Şeýlelikde adamlar tiz düşünýärler:
“Munuň ýanynda boljak bolsaň, muny götermeli.”
Ine, şol ýerde ýaranjaňlyk diňe aşakdan ýokary çykmaýar.
Ýokardan aşak hem talap edilip başlanýar.
Bu diňe Türkmenistandamy?
Gynansagam, men bu häsiýeti diňe Türkmenistanda görmedim.
Türkmenistanda-da, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň arasynda-da şoňa meňzeş gatnaşyklara köp gezek duş geldim. Ýer üýtgeýär, gurşaw üýtgeýär, adamlaryň ýaşaýyş şertleri üýtgeýär — ýöne käbir endikler üýtgemän galýar.
Şonuň üçin men muny diňe belli bir ýere ýa-da belli bir topara degişli mesele hökmünde göremok. Öz görenlerime görä, götermek we götertdirmek häsiýeti türkmenleriň arasynda dürli şertlerde-de özüni görkezýär.
Elbetde, bu “ähli türkmen şeýle” diýmek däl. Şeýle umumy hökm çykarmak hem dogry bolmaz.
Ýöne bir häsiýet dürli ýurtlarda, dürli gurşawlarda we dürli adamlaryň arasynda gaýtalanyp görünýän bolsa, onda oňa diňe aýratyn adamlaryň häsiýeti diýip geçmek hem kyn.
Belki-de, şol ýerde mesele aýratyn adamlardan çykyp, jemgyýetde kabul edilen bir endige öwrülip başlaýar.
Bu jemgyýete näme edýär?
Iň uly mesele hem şu.
Götermek bilen götertmek iki adamyň arasynda başlaýar, ýöne kadalaşsa, ýuwaş-ýuwaşdan medeniýete öwrülýär.
Eger jemgyýetde başarýan adamdan beter dogry adamy götermegi başarýan adam öňe çykýan bolsa, adamlara şeýle bir sapak berilýär:
“Başarnygyňdan öňürti, kimiň göwnünden turmalydygyny öwren.��
Şondan soň başarnyk, zähmet we dogry söz ikinji orna geçýär.
Ýaranjaňlyk bolsa adamlaryň diňe häsiýetini däl, jemgyýetiň işleýşini hem bozýar.
Ýalňyş karar kabul edilýär — hiç kim aýtmaýar.
Başarnyksyz adam öňe çykýar — hemmeler öwýär.
Bir iş erbet edilýär — “gowy boldy” diýilýär.
Emma ösüş üçin ilki bilen nädogry zadyň nädogrudygyny boýun almak gerek.
Ýalňyşlygy aýdyp bolmaýan ýerde, ony düzedip hem bolmaýar.
Şonuň üçin ýaranjaňlygyň iň uly zyýany köp öwgüde däl.
Onuň iň uly zyýany —hakykatyň ýerine bähbidi goýmagynda.
Bu ýagdaý bir nesilden beýlekisine geçse, adamlar ahyrynda muny problema hökmünde hem görmän başlaýarlar:
“Garşy gitme.”
“Göwnüne degme.”
“Bir gün işiň düşer.”
Şeýlelikde biri göterýär, biri götertdirýär, beýlekiler bolsa muny görüp öwrenýärler.
Netije
Şonuň üçin:
Götermek ýa-da götertmek?
Meniň üçin arasynda uly tapawut ýok.
Biri ýaranjaňlyk edýär.
Beýlekisi özüne ýaranjaň gözleýär.
Biri hakykaty bähbide çalyşýar.
Beýlekisi hakykatyň ýerine öwgini isleýär.
Ikisi birleşende bolsa bu diňe iki adamyň häsiýeti bolup galmaýar —tutuş jemgyýete zyýan berýän medeniýete öwrülýär.
Gowy bolsa — gowy diýeli.
Erbet bolsa — erbet diýeli.
Hak eden bolsa — öweli.
Emma ýagdaýy bar diýip götermäli.
Özümiz hem ýagdaýly bolanymyzda diňe bizi göterýän adamlary daşymyza ýygnamaly däl.
Sebäbi ösýän jemgyýete diňe bilimli we zehinli adamlar gerek däl.
Hakykaty aýtmaga rugsat berýän medeniýet hem gerek.