Biz adamlar käte isleýän zadymyza ýetmesek, kiçijik bir kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolsak, durmuşymyzy agyr hasaplap başlaýarys. Ýok zadymyzy ulaldyp, bar zadymyzyň gymmatyny bolsa kiçeldýäris.Aslynda bolsa biraz çuňňur oýlanyp görseň, adam bolup dünýä inmegiň, dem almagyň, duýmagyň, söýmegiň, arzuw etmegiň, säher turup ýene bir güni görmegiň özi — düşündirip bolmajak derejede uly bagt.
Belki-de, bagt ähli isleýän zatlarymyza eýe bolmak däldir. Bagt — eýýäm eýe bolan zatlarymyzyň gymmatyna düşünmekdir.
Biz bolsa köplenç durmuşyň bize bermedik zatlaryna seredip, onuň bize beren iň uly sowgadyny — ýaşaýşyň özüni unutýarys.Käte durmuşdan has köp zat islemezden öň, eýýäm bize berlen zatlara seretmek gerek.