TikTok platformasynda bir ýaşy uly lukmanyň wideolary ünsümi çekdi. Özüni alyp barşy, gepleýşi, sowatly we tejribeli adam ýaly görünmegi mende gyzyklanma döretdi. Şonuň üçin onuň wideolaryny yzygiderli görüp başladym.Wideolarynda ol köplenç özüniň bilimini we tejribesini nygtap, dürli ýerlerde okandygyny, Ýewropada işländigini aýdýardy. Ilkibaşda bularyň hemmesi mende oňa bolan ynamy has-da güýçlendirýärdi. Sebäbi adam köp ýerde okap, işläp, tejribe toplasa, onuň diňe hünär taýdan däl, eýsem garaýyş taýdan hem giň düşünjeli bolmagyna garaşýarsyň.
Bir gün onuň göni ýaýlymyna gabat geldim. Adamlaryň berýän soraglaryna nähili jogap berýändigini görmek üçin biraz diňledim. Şol wagt lukmanyň aýdan bir pikiri meni diýseň gynandyrdy.
Ol şeýle diydi:
“Adamlar lukmanlaryň pul alýandygyny gaty görmeli däl. Olar şu derejä ýetmek üçin şunça pul çykardylar, şunça azap çekdiler.”
Bu pikiri, aýratyn-da ýaşy uly, tejribeli görünýän bir lukmandan eşitmek meniň üçin geň galdyryjy boldy.
Elbetde, lukman hem beýleki hünär eýeleri ýaly öz zähmetiniň hakyny almaly. Lukman bolmak aňsat däl. Ýyllarboýy okamak, tejribe toplamak, gijelerini ukusyz geçirmek, uly jogapkärçiligi öz üstüne almak gerek. Şonuň üçin lukmanyň halal zähmet hakyna hiç kim garşy çykmaz.Ýöne mesele zähmet haky barada däl.
Mesele — adamyň mätäçliginden peýdalanyp, öz kanuny ýa-da bellenilen hakyndan daşary pul talap etmegi aklamaga synanyşmakda. Hassa lukmana güýmenmek üçin barmaýar. Ol saglygyna kömek gerek bolany üçin barýar. Kähalatlarda bolsa onuň ýagdaýy şeýle agyr bolýar welin, başga çykalgasy hem bolmaýar. Şol ýagdaýda adamyň ejizliginden we mätäçliginden peýdalanmak diňe hünär meselesi däl, bu ynsap meselesidir.
Meniň pikirimçe, lukmançylyk diňe pul gazanmak üçin saýlanmaly kärleriň biri däl. Elbetde, lukman hem maşgalasyny eklemeli, gowy ýaşamaly we eden işiniň mynasyp hakyny almaly. Ýöne bu hünäriň merkezinde ilkinji nobatda adam durmaly. Sebabi lukmana ýüz tutýan adam käte öz janyny, käte çaganyň, ejesiniň ýa-da kakasynyň saglygyny onuň eline ynanýar.Şeýle hünärde pul gerek, ýöne pul esasy ölçeg bolup bilmez.
“Men şunça okadym, şunça pul çykardym, şonuň üçin adamlar lukmanyň goşmaça pul almagyna düşünmeli” diýen garaýyş meniň üçin howply pikir. Sebäbi bu logika bilen adamyň mätäçligi ýuwaş-ýuwaşdan girdeji çeşmesi hökmünde görülip başlanýar.
Şeýle pikir diňe bir hassanyň jübüsine zyýan ýetirmeýär. Ol lukmançylyk hünäriniň abraýyna hem zeper ýetirýär.
Şol göni ýaýlymdan soň meniň şol adama bolan garaýşym üýtgedi. Öň onuň “Ýewropada okadym”, “Ýewropada işledim” diýen sözleri maňa tejribäniň we giň dünýägaraýşyň alamaty ýaly görünýärdi. Emma soň şol sözler öňküsi ýaly täsir etmedi.
Sebäbi diňe daşary ýurtda okamak ýa-da işlemek adamy awtomatiki ýagdaýda ýokary medeniýetli, adalatly ýa-da ynsaply etmeýär.
Adam dünýäniň iň gowy ýerinde hem işläp biler, ýöne esasy zat — ol şol ýerde näme öwrendi we şol öwrenen zadyny öz durmuşynda nähili ulanýar? Lukmanyň diplomy onuň bilimini görkezip biler.Tejribesi onuň hünär ussatlygyny görkezip biler. Ýöne hassanyň öňündäki gatnaşygy onuň ynsabyny görkezýär.
Meniň üçin lukmanyň iň uly derejesi diňe nirede okandygy ýa-da nirede işländiginde däl.
Onuň iň uly derejesi — özüne mätäç bolup gelen adama nähili garaýandygynda.